Täzelikler

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny belleýär

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny belleýär

27-nji sentýabrda, Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny belleýär. Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyk çäreleri giň gerimde bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.

“Sizi gözel Diýarymyzda giňden we dabaraly bellenilýän milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, döwlet Baştutany belleýär.

“33 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň taryhyna bu gün şöhratly we ýeňişli sahypalar ýazylýar. Biziň her birimiziň durmuşymyzy düýpgöter özgerdýän maksatlarymyz hasyl bolýar, ýurdumyzy dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmakda täze belent sepgitlere ýetilýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

“Her bir güni, her aýy, ýyly örän möhüm syýasy, ykdysady, medeni hem-de jemgyýetçilik wakalaryndan doly täze taryhy döwürde ata-babalarymyzyň jemgyýetimizi birleşdirýän milli döwleti döretmek baradaky arzuwlaryny goldanyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlaryny berkidýäris. Türkmenistany dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwürmek boýunça tapgyrlaýyn işleri amala aşyrýarys” diýlip, gutlagda aýdylýar.

Gutlagda bellenilişi ýaly, “merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça oýlanyşykly, onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris”.

“Biz özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňeldip, eziz Watanymyzyň dünýä döwletleri hem-de halkara guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça dostlukly, açyk we köpugurly hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürýäris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belleýär.

Şu gün Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda dabaraly ýöriş geçirildi.

Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.