Makalalar

SYGYRLARYŇ SÜÝTLÜLIGINI ÝOKARLANDYRMAGYŇ ÝOLLARY

SYGYRLARYŇ SÜÝTLÜLIGINI ÝOKARLANDYRMAGYŇ ÝOLLARY

Häzirki zaman maldarçylyk toplumlarynda, hususy hojalyklarda mallardan alynýan süýdüň mukdaryny we olaryň ýokumlylygyny ýokarlandyrmak esasy meseleleriň biri bolup durýar. Ýokary önümli mallar laktasiýa döwründe düzüminde köp mukdarda ýag we belok saklaýan süýt bermäge ukyply bolýar. Laktasiýa bu süýdüň emele gelmegi we bölünip çykmagy bilen geçýän fiziologiki hadysa bolup, mal bedeni tarapyndan köp mukdarda energiýa talap edýär. Süýt ýelinde iýmitiň üsti bilen toplanan ýokumly maddalaryň hasabyna emele gelýär. Mallar- da 1 litr süýdüň emele gelmegi üçin ýelinden 500-600 litr gan aýlanyp geçýär. Süýt ýeline ganyň üsti bilen gelýän ýokumly maddalaryň hasabyna emele gelýär.

Hojalykda süýt almak maksady bilen mal saklanylanda ýokary önüm almak üçin ilki bilen maly dogry saýlap almaly. Mallaryň daşky görnüşine baha berlende onuň daşky görnüşini synlamakdan başlamaly. Göwresi (döş we garyn bölümi) gowy ösen, ýelni göwrä görä proporsional uly, okara şekilli bolmaly. Şeýle hem berk we dogry ösen aýaklary bar bolan sygyrlar köp mukdarda süýt öndürmäge ukyply bolýar. Malyň döş boşlugynyň giň we güýçli ösen bolmagy bedende dem alyş agzalarynyň gowy ösendigini we gan çalşygynyň ýokary derejede geçýändigini aňladýar. Giň ýöne sallanyp durmadyk garnynyň bolmagy malyň göwrümli ot-iýmleri köp mukdarda kabul edip bilmek ukybynyň bardygyny aňladýar. Bu ot-iýmler süýdüň öndürilişi üçin arzan bolup, hojalyga ykdysady taýdan arzan düşýär. Mallaryň göwrümli ot-iýmleri näçe köp kabul etmek ukyby bolsa şonça-da süýdüni ýokarlandyrmagy müm-kin. Ýokary süýt önümli mallaryň aýaklary, esasan hem yzky aýaklary güýçli ösen bolmaly.

Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, laktasiýa döwründe sygyrdan alynýan süýdüň umumy mukdary bilen mallaryň di- ri agramy biri-biri bilen berk baglanyşykly bolýar. Şol sebäpli diri agramy ýokary bolan mallardan köp mukdarda süýt almak mümkin. Ýöne bu görkeziji üýtgäp hem bilýär. Käbir mallaryň diri agramy artan ýagdaýynda hem süýtlüligi ýokarlanmaýar. Ýokary süýt önümli mallaryň iň esasy görkezijileriniň biri hem mäzli dokumasy ösen, göwrümi uly ýelni hasaplanýar. Bu görnüşli ýelin sagymdan soňra kiçelýär, derisi gasyn-gasyn bolýar. Ýöne ýelni güýçli ösen, köp süýt önümli mallar ýörite sagym enjamlarda saglanda ýelin agyry (mastit) keseli bilen köp keselleýär.

Mallaryň süýt önümliligi (süýtlüligi, süýdüniň ýaglylygy) nesle geçijilik alamatlaryna we daşky gurşawyň täsirlerine bagly bolýar. Şol sebäpli maldan köp mukdarda, ýagly süýt almak üçin ilki bilen tohum mallardan alnan tüweleri saýlap almaly. Tüweleri tohum mallary saklaýan hojalyklardan ýa-da hojalykda bar bolan ene mallary dogry tohumlandyrmak arkaly almaly. Bu ýagdaý- da öküzi arassa ganly tohumdan saýlamak möhüm. Gatyşyk tohumly ene maly emeli tohumlandyrmak arkaly genetiki görkezijileri ýokary bolan tüweleri almak mümkin.

Işiň indiki döwründe saýlanylyp alnan tüwäni ýörite iýmitlen- diriş paýy arkaly iýmitlendirmeli we zoogigiýenanyň talaplaryna laýyklykda saklamaly. Malyň iýmit paýy ähli ýokumly maddalary kadalaşdyrylan, witaminler we minerallar bilen baýlaşdyrylan bolmaly. Saýlanylyp alnan göläniň bedeniniň dogry ösüşi üçin iň jogapkärli döwür doglandan 4-6-njy aýlyga çenli, ýagny süýt emýän döwri hasaplanýar. Ýaş göläniň ilkinji iýmiti owuz süýdi bolup, onuň düzüminde beden üçin zerur bolan ähli ýokumly maddalar saklanýar. Owuz süýdi bilen göläni her 1-1,5 sagatdan iýmitlendirmeli.

Ilkinji günde 1,5 litrden köp süýt bermek bolmaýar. Sebäbi artykmaç süýt bişirilmedik görnüşde aşgazandan içegä geçýär we iýmit siňdiriş hadysasyny bozýar, içgeçme ýüze çykýar. Bu bozulmanyň öňüni almak üçin göläniň birinji, ikinji günlüginde süýdi az möçberde, çalt-çaltdan berip durmaly. Soňra süýdüň mukdaryny ýuwaş-ýuwaşdan köpeldip başlamaly. Ene süýdi bilen ýaş göläni 10 günden az bolmadyk möhletde iýmitlendirmeli. Göläniň 5 günlügine çenli suwy gaýnadyp, 20-25 dereje gyzgynlyga çenli sowadyp bermeli. 10-12 günlük döwründen başlap az mukdarda bede berip başlamaly. Gölelere ene süýdüni tebigy usulda gölänin özüne emdirmek arkaly ýa-da emeli usulda mal eýesi tarapyndan bermek bolýar. Mal eýesi emeli usulda ýorite gaplarda gölä süýt berende ony artykmaç mukdarda bermeli däldigini ýatdan çykarmaly dál. Goläniň gündelik süýde bolan umumy talaby diri agramynyň altydan bir bölegine deňdir. Mese-lem, diri agramy ortaça 20 kilogram bolan Ýaş golá günúň dowamynda berilmeli süydüň umumy mukdary 3,3 litr. Soñra göläniň gündelik iýmit paýyndan süydüň ornuny doly bahaly iýmit bilen yuwaş-yuwaşdan çalşyp başlamaly. Goläniň ähli ösüş döwründe zerur bolan weterinar kömegini bermeli. Ýaşy 18 -19 aýlyk bolan tüwäni tohum öküzi dogry saýlap alyp tohumlandyrmaly. Eger hojalyk süÿt almak üçin maly dasky gurluşyna, bedeniniň ösüs derejesine baglylykda satyn alan ýagdaýynda köp mukdarda ýokary hilli süýt almak üçin mallaryň saklanyş we iymitlendiriş şertlerine aýratyn úns bermeli. Mal eyeleriniň esasy bilmeli zady malyň süýt önümliligi 20 - 30 göterim tohumyna, 70 80 göterimi  we lymitlendiriş şertlerine bagly bolyar. Bogaz mallaryň 5 6 aýlygynda iymitlendiriş kadasyny ýokarlandyrmak möhüm. Bu döwürde süýt mäzlerinin ösüşi baglanýar. Birinji gamyna gölelän ene mallara iýmit paýyny ýokarlandyrylan görnüşde bermeli. Sebäbi birinji garyndaky ene mallaryñ öz bedeniniň ösüşi hem güyçli depginde dowam edýär. Bu döwürde mallaryň gündelik iýmit paýyna şugundyr goşmak maslahat berilyär. lymitlik şugundyr mallaryň dine bir iýmit paýyny baýlaşdyrman önki garynlarda mikrofloranyh we mikrofaunanyn emele gelmegine getiryär, bölekleýin zäherlere garşy täsiri ýüze cykarýar we asidozyñ ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Ýokary hilli, ýagly süýt almak üçin süýt berýän malyň gündelik iýmit paýynda ýagyn, belogyň, uglewodyň, minerallaryñ we witaminleriň ýeterlik mukdarda bolmagy möhüm.

Ene mal göleländen soň 80—110 günüň dowamynda berip bilýän süýdünin in ýokary möçberini, ýagny laktasiýa döwründe bermeli süýdüniň umumy mukdarynyñ 40 45 göterimini ber-ýär. Bu döwürde mallar bedeniniň energiýasynyň köp bölegini süýt bermek üçin harçlaýar. Uglewod ýetmezçilik edýän mallar bedeniniň ätiýaç ýagyny harçlaýar we horlanmak bilen bolýar. Sol sebäpli bu döwürde iýmit paýyna uglewodlara bay iýmleri goşmaly. Laktasiýanyñ 2—3 hepdeliginde süýt berýän mallaryň uglewodlara bolan talaby 30 60 göterime çenli ýokarlanýar. Sebäbi energiýanyň köp bölegi ýatgynyň isini kadalaşdyrmak, yumurtgalyklary işjeñlesdirmek we süýt emele getirmek üçin harçlanýar. Şonuñ üçin laktasiýanyñ basynda mala goşmaça şekerli suwlary we şekerli iýmit bulamaklary taýýarlap bermek maslahat berilýär. Süýt berýän mallaryñ iýmit paýynda energi-yanyn ýetmezçilik etmegi süydün mukdarynyn peselmegine we malyn önelgesizligine getiryär. Mallaryň iýmit paýynda energi-yanyn ýeterlik mukdarda bolmagy üçin konsentrat ot-iýmler bilen iýmitlendirilyär. Olaryñ möçberi iýmit paýynda 60 göterime çenli yetyär. Ýöne olaryn artykmaçlyk etmegi hem madda çalsygynyn bozulmagyna, uglewodlaryn ýetmezçiligi we artykmaç konsent-ratlar ketoz keselinin ýüze çykmagyna getirip biler. Laktasiýa döwründe sagylýan sygryn ýokumly iýmit mad-dalara bolan talabyny doly kanagatlandyrmak üçin mallaryň iýmit paýyna ýörite iýmit goşundylaryny gosup bermeli. Häzirki wagtda weterinar dermanhanalarda oba hojalyk mallarynyñ dürli görnüsleri üçin ýörite iýmit gosundylarynyñ köp sanly görnüşi el-ýeterli. Iýmit paýyna goşundylary goşup bermek mallara berilýän ot-iýmlerin özüne düşýän gymmatyny peseltmäge ýardam edýär. Bu bolsa hojalyga ykdysady taýdan arzan düşyär.

Süýt beryän mallaryň ýaga bolan talabyny kanagatlandyrmak üçin künjara, soýa, ýag öndüryän kärhanalaryn galyndylary, seluha, sary un bermeli. Mallaryň gündelik iýmit paýyna göwrümli ot-iymleri we konsentratlary goşmazdan süýt berijiligini ýokarlandyryp bolmaýar. Konsentrat ot-iýmlere däneler, çigit, gury senagat galyndylary, gury görnüşdäki et-süňk uny giryär. Göwrümli ot-iýmlerin toparyna bede, saman we harpyk, gök otlar, köki miweliler, silos we senaz, krahmal, gant senagatynda galýan galyndylar girýär. Gowy hilli bede, silos, senaz mallaryň beloga bolan talabyny kanagatlandyrýar. Sagylýan sygyrlara berilýän ot-iýmlerin mukdary we görnüşi rasionyñ düzümine bagly bolýar. Olaryñ rasionynda ot-iýmlerin belli bir gatnaşygy bolmaly. Sagylyan sygyrlar ýatakda saklananda olaryn 15—20 göterimini iri baldakly ot-iymler, 45—60 göterimini şireli ot-iýmler we sol sanda 25—30 göterimini- silos we 20 45 göterimini konsentrat ot-iýmler tutmaly. Sagylýan sygyrlaryñ rasionynyñ düzümi olaryn önümliligine baglylykda üýtgeýär. Köp süýt berýän sygyrlar orta süýt berýän sygyrlara garanyñda bolelin we çalt iymitlendirmegi talap edýär. Ot-iymleriň mukdary we görnüşi göz öñünde tutulyp, köp suýt beryän sygyrlar günüň dowamynda 4 6 gezek iýmitlendirilýär. Sagylýan sygyrlar iýmitlendirilende mineral maddalar hem uly orna eyedir. Mineral maddalaryñ ýetmezçiligi ýa-da iýmit paýynda artykmaçlyk etmegi sygryñ ösüşiniñ, önümliliginiñ, önüminiñ hiliniñ peselmegine, kesellerin döremegine we ölme-gine eltip biler. Mineral maddalar iýmit paýyna duz görnüşinde goşulyp berilýär. Onuñ üçin adaty nahar duzy, mal duzy, iýmitlik mel, seolit ulanylýar. Sagylýan sygyrlar iýmitlendirilende olaryñ witamine ylaýta-da A, D, E witaminlerine bolan talabyna ayratyn gözegçilik etmeli. Sagylýan sygryñ karotine bolan talaby rasionyñ iýmit payynyň 1 kilogram gury maddasynda 30—50 milligram, D witaminine 500, ME we E witaminine 30 milligramdyr. Sagylýan sygyrlaryñ witamin yetmezçiligi olara witamin preparatlaryny bermek bilen doldurylýar.

Maldan köp mukdarda süýt almak üçin sagymy hem dogry geçirmeli. Mallaryň ýelninden süýdüň bölünip çykmagy ýelne täsir edýän gyjyndyryja (sagymçynyň barmaklarynyň ýa-da sagym enjamynyñ) bedeniň nerw we gormonal ulgamynyň jogaby netijesinde bolýar. Diýmek, gyjyndyryjy ýagny sagym näçe çalt we anyk bolsa sonça-da ýelinden köp mukdarda süýt çykýar. Kadaly ýagdaýda bu döwür 5—6 minut dowam edýär. Diýmek sagymçy bu wagta çenli süydüň in ýokary mukdaryny sagyp bilýär. El bilen sagym geçirilende ýelni ilki bilen ýyly suw bilen ýuwup, süpürmeli. Sagymdan ön ýelni massaz etmek hem netijäni ýokarlandyrýar. Basam barmak we görkeziji barmak emzikleri dogry basmaly we ýokary tizlik bilen, arakesmesiz her bir emzigiñ süýdüni sagyp almaly. Mallaryň saklanyş şertlerinin bozulmagy hem süýt önümlili-gine gönüden-göni täsir edýär. Yaramaz howalandyrys ulgamy bolan, garañky, çygly, poly betondan, saman düşelmedik ýataklarda saklanylýan ene mallar birnäçe keseller bilen keselleýär. Bu keseller bolsa mallaryň süýtlüliginiň peselmegine getirýär. Mallardan ýaglylygy köp bolan ýokary hilli süýdi köp muk-darda almak üçin ene maly dogry saýlap almaly we kadaly iýmitlendiris, saklanyş şertlerini ýola goýmaly. 


Orazhan KURBANOWA, 

Gurbanmyrat REJEPOW, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary.

Soňky goşulanlar