Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň “Halkara Düýedarçylyk ýyly”- diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) bilen bilelikde 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 6-na «Düýeleriň ähmiýeti: durnuklylygy ýokarlandyrmak we durnukly ýaşaýyş üçin mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň we daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň degişli ugry boýunça ylmy iş alyp barýan alymlary we hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahata onlaýn tertibinde gatnaşan alymlar bu ugry ösdürmek boýunça ähmiýetli başlangyçlary öňe sürdüler.
Maslahata gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň “Halkara Düýedarçylyk ýyly”- diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysynyň bardygyny nygtap, Aşgabatda şunuň ýaly tutuş dünýä ähmiýetli maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilenligi üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Düýedarçylygyň ýurduň ykdysady taýdan ösüşinde eýeleýän orny we ony yzygiderli ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda pudagyň ähmiýetine üns berildi. Düýedarçylyk boýunça yzygiderli iş alyp barýan alymlar Garagum sährasynyň öri meýdanlara baýdygyny nazara alanyňda bu ýerde düýedarçylygy ösdürmegiň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.
Maslahata gatnaşyjylar düýedarçylyk bilen bagly meseleleriň döwletiň hemişelik üns merkezinde saklanýandygy bu ugruň ösdürilmegine zerur üns berilýändigi üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
