Türkmeniň nä derejede akyl-paýhasly, zehinli, ýiti sözli halkdygyny kişiden soramaly däl, märekesinde oturyp, birsa-lym gürüňine gulak assaň, aňşyryp bolýar. Yöne şu halkyň çyn ogly-gyzy, mynasyp nesli-dowamy boljak bolsaň, aňşyra-nyň hem ýeterlik däl, gerekli zady düwünçegiňe berk düwüp, sandygyňa oklamaly. "Garryly öý—gaznaly öý" diýlişi ýaly, garrylarymyz geljekki nesillere gowşurmaly sanap tükedip bolmajak amanatlary—gürrüňleri, sargytlary, sapaklary öz aň çuwallarynda saklaýarlar. Sowalyňy mälim etseň bolany, hut seniň üçin ýygşyryp goýan ýaly, baryny biminnet orta dökerler.
Il içinde gezip, indi näçe ýyllardan bäri öwrenip-ýazyp ýöre-nem bolsam, düýedarçylyk barada suwytly zat bilmeýärin. Bu barada Sakarçägäniň düýedarçylyk hojalygyna gidip barýarkak Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetinıň başlygy Gurbandurdy Mawyýewe ýanymyza düýeden gözlüräk adam alaýsak kem bolmajagyny ýaňzytdym. "Sarwanlaryň üstüne sarwan äkidelimi?!" diýip ýylgyrdy-da, başga jogap berme-di. Jogap bermese-de, hut şol pursatdan Gurbandurdy aganyň gürrüňi türkmeniň keramat derejesine göteren düýe maly ha-kynda boldy. Özümden iki-üç ýyl artyk ýaşan bu ýaşulynyň öz aň sandygyna oba hojalygy, ekerançylyk we maldarçylyk baradaky kän-kän gymmatly maglumatlary ýygnan adamdy-gyny duýdum.
—Öňem-ä öwrenmäni gowy görerdim welin, agrar parti-
ýada işläp başlanym bäri iň tejribeli danyşment gojalar ýakyn söhbetdeşlerim boldular-diýip, Gurbandurdy aga sowalymy aňan ýaly, gürrüňe başlady:
—Özüň hernäçe bilyän hem bolsaň, hakyky daýhanyň ýa maldaryň gürrüňini, maslahatyny diňleseň, sözüň doly many-synda, baýlaşýarsyň. Şolary çykyş etdirsek, gurayan ýygnak-larymyzam, geçirýän maslahatlarymyzam maňyzly-manyly bolaýýar. Şonuň üçinem yaşulylary ýanymyzdan goýamzok, hem çykyş etdirýäris hemem örenýäris-diýip, ýene-de gür-rüňi düyeleriň örüsine öwürdi:
—Häzirki barýan ýerimiz tutuş döwletimiz boýunça iň irki
döredilen hojalyklaryň biri. Tebigy-geografik ýerleşişi, müm-kinçilikleri, ýerli yaşayjylaryň ata-baba saýlap alan, kemsiz kämilleşen kesp-kärleri boyunça Murgap jülgesinde düýedar-
çylygy ösürmäge iň amatly ýer hökmünde şu oba saýlanyp alnypdyr. 1929-njy ýylda açylan bu hojalyk dürli ýyllarda dürli hili atlandyrylypdyr. "Sakarçäge" düýedarçylyk sowhozy hök-münde döredilip, köp ýyllaryň dowamynda "Sakarçäge" dü-ýedarçylyk zawody adyny hem göterdi. Häzirki wagtda bolsa ol Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Mary welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Sakarçäge etrabyndaky "Sakarçäge" maldarçylyk hojalygy diýlip atlandyrylýar.
"Zawod" sözi düýedarçylyk hojalygy babatda bırbada düş-nüksızräk eşıdildi. Yöne şu obanyň ın yaşuly gojalarynyn bırı, șu ýerde çopan, zootehnik, ferma müdiri bolup işlän 90-dan ätlän Çary aganyň gürüňini diňleseň, hemme zat düşnükli.
Türkmeniň arassa ganly arwana düýeleriniň tohumyny ýi-tirmän saklamak meselesine şol ýyllarda-da döwlet tarapyndan uly üns we ähmiýet berlipdir. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginin şol wagtky Maldarçylyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň uly topary bu ýerde ýylboýy işläp, tohumçylyk boýunça yzygiderli iş alyp barypdyr. Düýeleriň höwre goýul-ýan, botlaýan, köşkleriň seçilýän möwsümlerinde bu ýerde ylmy esasda gözegçilik we seçiçilik işleri alnyp barlypdyr.
Welaýatyň ähli etraplaryndaky düýe sürüleri, şeýle-de Türk-menistanyň käbir etraplaryndaky düýedarçylyk hojalyklary üçin tohumlyk mallar hut şu ýerde ýetişdirilip, hasaba alnyp, şu ýerden saýlanyp ugradylypdyr. Yokanç we beýleki kesel-lere garşy göreş, etiň, süýdüň hiliniň barlagy we başga ugurlar boýunça jikme-jik laboratoriýa barlaglaryny alyp barmak üçin hemme zerur şertler bu zawodyň çäginde bolupdyr.
—Gadymy arassa arwana tohumyny ýoýman-ýitirmän saklamak ýeňil düşen däldir. Şu günem tohum meselesine juda ünsli garalýar— diýip, Çary aga ýerli sarwanlar bilen alymlaryň arkalaşykly işlerini agzayar:
—Düýe saklamagyň hysyrdysy beýleki mallara garanyňda az, düýe malynyň talabam ýeňil. Yöne diňe diline düşünen yag-dayyňda yeňil, bolmasa süydem almarsyn, köşegem, sürınem, ahmal bolsan, sanlyja ýyldan azar gider, Üşükli copana alym däl diýip bolmaz. "Ýaýylsaň—ýasydabana ýapyş" diýendir eždatlarymyz. Türkmen öz taryhynda sansyz gezekler düýe janaweri saýalap, dert-apatlardan halas bolupdyr. Grozden salar ýaly, elden çykarar ýaly, tohumyny yoýar yaly jandar däldir bu arwanamyz! "At algydar, düýe bergidar" aýtgysynyň hem hut düýe saklamagyň amatlydygy we bähbitlidigi bilen baglydygyny Çary aga barmaklaryny büküp-büküp, jaýdar deliller bilen düşündirýär. Düýedarçylyk biziň ýurdumyzyň tebigatyna muwapyk pudak. Türkmenlerde hemişe aljyrap-horlanan kişiniň düýä ýapyşmalydygy nygtalyp gelinýär. Sebäbi düýe bir Hudaý beren çykdajysyz çeşme. Eyesi duşsa, düýe malynyň hojalyga azary-asgynjaňlygy yok. Yaz, güýz, tomus pasyllarynda meýdan tapsa, onuň eýelerine azary ýok. Aýak üstünde gezip
ýören saltman ýa erkek mallar-a gyşda-da öz gününi görmän duranok. Aýratyn gyş alapa-da taýýarlap ýörmeli däl, ätiýaç üçin mal başyna 450 kilogram çemesi ýandak ýygnalsa bolýar. Ol hem köplenç sarp bolmaýar. Agralan, botlamaly ya-da ýarawsyz düýeleri hem yandak küdesine yanasaň, täze doglan köşekler ykyşlar ýaly bassyrma tapdyrsa bolany. Gyzykly gürrüňlerden aýrylyşar ýaly däl, şeýle-de bolsa Çary agany obada galdyryp, uzak örä ugradyk. Ferma müdiri Kadyrmämmet Küläýewiň gürrüň bermegine görä, hojalygyň öri meýdanlary medeni zonadan 100—115 kilometr uzaklykda Şyh Mansur, Galandar, Hanguýy, Yaýlaly ýaly köne guýula-ryň töwereginde.
—Häzir berk durmaly möwsüm, geçen yazda gaýan düýeler agralyp başlady, köşek bolsa sarwanlaryň in esasy girdejile ri-diýip, Kadyrmämmet düýe malynyň gürrüňine gyzyşýar.
—Adatça, yagdayy kadaly bolanda düýe ýylaşa köşek berýär. Meýdan şertlerinde olary sagýan, çal-agaran taýýarlayan ýok. Ine-gana emýän köşek sagat bolýar, gowy boý alýar. Asly sahy mal bolanyndandyr-da, indiki botlayança diýen yaly emdirýär. Obada elin elde saklananda, düýe 15—17 aya çenli sagdyrýar. Häzir botlayan düýeler täze ýyl şu günler, yagny 12 aýdan gaýýarlar. Bogaz düýe köşegini göwresinde 12 aýlap göterýär. Şu hasapdan çen tutsaň, şol 3ýylda 2 köşek diýleni boluberýär. Kadyrmämmediň gürrüňlerinden belläp almaly zatlar kän. Meselem, täze botlan maly gören adam däbimize görä "süýdi kepemesin" ya-da "kerwen bolsun!" diýen ýaly dilegler edýär, Ýene bir yrymly däbi bilip goýmak gerek. Ata-baba çal-aga-ran satylyp yörülmändir, arkaýyn sowlup, "çal bersenizlăň!" diýip sorabermeli, aýyp görjek yokdur. Ganaňson, , "çeşmesine bereket" diýsen bolany. Yöne, garaňky düşensoň gapydan ak sorap barmak halanmayar. Boş-a gaýtarmazlar, yöne akly çanagyň içine bir gara zat oklap berseler, geň görüp oturmaly däl. Gürrüň şu yere ýetende, yzky oturgyçda häliden bäri dymyp gelýän Gurbandurdy aga dil açdy;
—Adatça, ýagdaýy kadaly bolanda düýe ýylaşa köşek berýär. Meýdan şertlerinde olary sagýan, çal-agaran taýýarlayan ýok Ine-gana emýän köşek sagat bolýar, gowy boý alýar. Asly sahy mal bolanyndandyr-da, indiki botlaýança diýen ýaly emdirýär. Obada elin elde saklananda, düýe 15—17 aýa çenli sagdyrýar. Häzir botlaýan düýeler täze ýyl şu günler, yagny 12 aýdan gaý ýarlar. Bogaz düýe köşegini göwresinde 12 aýlap göterýär. Şu hasapdan çen tutsaň, şol 3 ýylda 2 köşek diýleni boluberýär. Kadyrmämmediň gürrüňlerinden belläp almaly zatlar kän. Meselem, täze botlan maly gören adam däbimize görä "süýdi kepemesin" ya-da "kerwen bolsun!" diýen yaly dilegler edýär, Ýene bir yrymly däbi bilip goýmak gerek. Ata-baba çal-aga-ran satylyp yörülmändir, arkaýyn sowlup, "çal berseňizläň!" diýip sorabermeli, aýyp görjek yokdur. Ganaňsoň, "çeşmesine bereket" diýseň bolany. Yöne, garaňky düşensoň gapydan ak sorap barmak halanmayar. Boş-a gaýtarmazlar, yöne akly çanagyň içine bir gara zat oklap berseler, geň görüp oturmaly däl. Gürrüň şu ýere ýetende, yzky oturgyçda häliden bäri dymyp gelyän Gurbandurdy aga dil açdy;
—Düýänin gürrüňini Sakarçägäniň Ata Köpek Mergenine etdiräyseň, bar yrymy bir şygra salaýypdyr bende-diýip, joş- gunly okap başlady: Banka guýup, çaly ölçeme, gelin. Çanaklap içilýän çalym öýkelär. Çal üçin pul diýip uzatma eliň, Gumda guba düýäm—malym öýkelär. Öň-öňlerem tutulypdyr düýe çal. Düğe çalyn satypmydyr bir ayal?!
Yöne ýere berilmeýär bu sowal, Ata-baba gelýän ýolum öýkelär.
—Hojalygyň döredileni bäri geçen bir asyra golaý döwür içinde düýeleriň baş sanynyň 2 müň 800-den geçen wagty bol-mandyr-diýip, Kadyrmämmet maglumatlara ýüzlenýär.
—Şu ýylyň başyndaky maglumata görä, biziň 3 müňden gowrak malymyz bar. Düýelere kärende usulynda ideg edilýär. 22 sany kärendeçi çopanymyz bar, iň köpünde 140—150 baş mal bar. Çopanlarymyzyň täze işe başlany ýok diýen ýaly, haýsy birini alsaň 2—3 nesil bäri hojalygyň malyny bakyp ýör. Kärendeçi çopanlaryň ençemesi şol bir maşalalardan. Mysal üçin Baý-ramowlaryň 6-sy, Tuwakmyradowlaryň 5-si, Pirliýewleriň 2-si şol bir maşaladan çykan çopanlar. Elbetde, men kärendäniň şertleri bilenem gyzyklanman durup bilmedim. Meýilnama boýunça her 100 inen düyeden 2 ýylda 90 köşek almaly. Alnan köşegiň 30 göterimi, önüm bermeýän malyň 10 göterimi zähmet haky hökmünde kären-deçä berilýär. Geçen möwsümde hojalyk boýunça 695 köşek alnypdyr. Mallara weterinar ideg, möwsümleýin profilaktiki we ýokanç kesellere garşy sanjym üçin çykdajylar baglaşylan şertnama-larda ylalaşylypdyr. Kadyrmämmediň maglumatynda görkezilen 3 müňden gowrak düýeden başga-da, bu örülere şärik mallar bar. Berlen maglumatlara görä, şu obanyň ýaşaýjylaryna degişli çekene sürülerindäki mallaryň sany hem şonça bar. Olar hem şu örü-lerde bakylýar. Gürrüň bilen uzak ýoly nädip geçenimizi hem bilmändiris. Ine, hojalyga degişli uzak öri meýdanlaryna aralaşdyk. Gum depeleriniň aralarynda peýwagtyna otlap ýören hersi 30 40 baş düýe sürüleriniň sany gürelip ugrady. Geçen "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly-nyň ilkinji günleri Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arka-dagymyz ata-babalarymyzyň sähra ýerlerinde düýe malyna aýratyn gadyr goýýandyklaryny, onuň ýüňüniň, etiniň, süýdü-niň, çalynyň, agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygyny, halkymyzyň durmuşynda düýe malyna aýratyn möhüm orun berilýändigini nygtapdy.
Alym Arkadagymyzyň Hydyr gören ymgyr çölde gozgan bu gürüňiniň dowam tapjakdygy belli zat. Çünki halk hazynasyna, halk hakydasyna aýratyn gadyr-gymmat goýýan, her pursatda "ýedi ölçäp bir kesmegi" ündeyän hormatly Arkadagymyz il saglygyna we rysgalyna bähbitli bu meseläni gozganda, belli bir maksatlary nazarlandygy şübhesiz. Edil bedew aty, wepaly alabaýy, dowary ýaly türkmene he-mişe ýakyn bolan düýe maly hem üns bereniňe, öwrenenine, yhlas edeniňe degýän mal. Bu hakykaty wagyz etmek üçin biz ýene-de huşy metda ýaly garıylarymyza, hazyna eýleri mi-rasgärlerimize, olaryň galdyran mirasyna ýüzlemeli bolýarys.
Hormatly Arkadagymyzyň "Düýe maly dünýe maly" diýer paýhasly jümläni döreden halkymyzyň durmuşynda düye maly E na aýratyn möhüm orun berilýändigini nygtamagy bu pudagyň has giň gerim bilen ösmegine badalga boldy.
Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW,
Mary welayaty boyunça habarçymyz

