Biz barada

Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi döredildi.
Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi ýurtda maldarçylyk we guşçulyk önümlerini öndürmek, olary gaýtadan işlemek, maldarçylykda we guşçulykda tohumçylyk işini alyp barmak, tohum mallary ösdürip ýetişdirmek hem-de ýaýratmak, öri meýdanlary suwlulylandyrmak babatda döwlet syýasatyny alyp barýan döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň döredilmegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap    hem-de Mary welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşikleri döredildi. Birleşik pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň, guramalaryň işini utgaşdyrýar, bu ugurlarda halkara tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenýär we giňden ýaýradýar.
Maldarçylyk we guşçulyk babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, öri meýdanlarynyň, täsin tebigatly dag-düzlükleri aýawly hem netijeli peýdalanmak, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak birleşigiň esasy wezipeleri bolup durýar.
Maldarçylyk we guşçulyk pudagyny döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek babatda maksatnamalary hem-de öňdebaryjy innowasion tehnologik özgertmeleri durmuşa geçirýär.
Birleşik önümçiligiň ösüş depginleriniň ýokarlandyrylmagyna, önümçilik kärhanalarynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagyna we önüm öndürmekde ulanylýan çig-mal serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyna gözegçilik edýär. 
Şeýle syýasatyň ýokary derejede durmuşa geçirilmegi, ilki bilen, pudagyň ykdysady netijeliligine, şeýle-de ýurdumyzda günsaýyn artýan et we et önümlerine, ýumurtga, süýt we süýturşy önümlerine bolan islegiň doly kanagatlandyrylmagyna, olaryň satylyş we satyn alyş nyrhlarynyň elýeter derejede saklanylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Soňky goşulanlar