Täzelikler

Türkmenistanda mallaryň identifikasiýasy we yzarlamagyň Milli strategiýasy boýunça derwaýys işler alnyp barylýar.

Türkmenistanda mallaryň identifikasiýasy we yzarlamagyň Milli strategiýasy boýunça derwaýys işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde ýene bir iri taslama iş ýüzünde amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda “Mallary identifikasiýa etmegiň we yzarlamagyň milli ulgamy üçin milli strategiýany we hereketleriň ýol kartasyny işläp taýýarlamak” atly taslamanyň çäklerinde ýokary depginde işler dowam edýär. Bu taslamany önümçilige ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) arasynda ozal şertnama baglaşylypdy.
Synag hökmünde ýörite saýlanan maldarçylyk toplumynda, has takygy, Ahal welaýat maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň “Şa ýoly” oba hojalyk maldarçylyk toplumynda ýaş tüwelere gulak belgilerini dakmak we çiplemek işleri tapgyrlaýyn alnyp barylýar. Eýýäm ikinji tapgyry geçirilen bellige alyş işlerinde maldarçylyk toplumynyň hünärmenleri hem-de Mallaryň we guşlaryň tohumçylyk döwlet gullugynyň hünärmenleri tarapyndan birnäçe iri şahly mallara ýörite çipler ornaşdyryldy.
Bu taslamanyň iň esasy maksady Türkmenistanda mallaryň saglygyna gözegçiligi we keselleriň öňüni alyş çärelerini has netijeli guramakdan, weterinariýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakdan, ýurtda azyk howpsuzlygyny berkitmekden, maldarçylyk önümleriniň gelip çykyşynyň yzarlanylmagyny we ygtybarlylygyny üpjün etmekden, maldarçylyk pudagynyň oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen utgaşykly ösdürilmegine itergi bermekden ybarat bolup durýar. Bu ulgam arkaly mallar baradaky ähli maglumatlar bir ýere jemlenip, ol esasan hem Döwlet weterinariýa gullugynyň hünärmenleriniň hem-de degişli birleşikleriň, edaralaryň, maldarçylyk toplumlarynyň, fermerleriň işlerini has-da ýeňilleşdirer.
Mälim bolşy ýaly, maldarçylyk pudagy Türkmenistanyň oba hojalygynyň iň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň umumy ykdysady ösüşinde hem möhüm orun eýeleýär. Şol nukdaýnazardan häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, tutuş ýurdumyzda mallaryň identifikasiýasy we yzarlanmagy boýunça Milli ulgamy döretmek we ornaşdyrmak zerur bolup durýar. Bu ulgam döwrebap tehnologiýalaryň we maglumat ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanýan, açyk, durnukly, ygtybarly we netijeli işleýän häzirki zaman sanly platformadyr. Häzirki günde dünýäde bu platformadan peýdalanýan ýurtlaryň sany ýyl saýyn artýar.
Geljekde, önümçilik işlerini has-da netijeli alyp barmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli maldarçylyk toplumlaryna bu taslamanynyň ornaşdyrylmagyna garaşylýar.