Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň kärhanalarynyň, guramalarynyň we edaralarynyň tapawutlanan işgärlerini sylaglamak dabaralary geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň topary halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny nazara alyp, Türkmenistanyň ordeni, medallary we hormatly atlary bilen sylaglandylar. Şol sanda Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň işgärleri Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:
Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Önümçilik, tohumçylyk-seçgi müdirliginiň başlygynyň orunbasary Berdinazar Allaberdiýewiç Ýazberdiýew,
Ahal welaýat Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Ak bugdaý etrabyndaky «Süýtçülik» maldarçylyk hojalygynyň hasapçysy Amannazar Hekimow,
Ahal welaýat Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Tejen etrabyndaky S.A.Nyýazow adyndaky maldarçylyk hojalygynyň çopany Annamämmet Muhammedowiç Balykow,
Mary welaýat Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň Sakarçäge etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň baş çopany Maksatgeldi Tagandurdyýewiç Abdyrahmanow sylaglandylar.